Puerto-Rikoda seýrek duş gelýän, ýokarlygyna urýan “gyzyl ýyldyrymy” surata düşürdiler

  • 13.08.2024 11:29
  • 8.6k+

Awgust aýynyň başynda Puerto-Rikonyň ýaşaýjylary seýrek atmosfera hadysasynyň – ýokarlygyna urýan, äpet “gyzyl spraýt” ýyldyrymyň çakyşynyň şaýady boldular. Karib deňziniň astronomiýa jemgyýetiniň gözegçilik kameralary ajaýyp pursady dürli tarapdan surata alyp ýetişdi diýip, Gizmodo ýazýar.

“Gyzyl spraýtlar” – bu ýyldyrym çakýan mahaly atmosferanyň ýokarky gatlaklarynda ýüze çykýan seýrek atmosfera razrýadlarydyr. Olar gyzyl reňki bilen tapawutlanýar we beýikligine 90 kilometre ýetip bilýär. Şeýle razrýadyň intensiwligi adaty ýyldyrymdan 10 esse güýçli hasaplanýar.
"Gyzyl spraýtlaryň" peýda bolmagy belli bir atmosfera şertleri, şol sanda atmosferanyň gatlaklarynyň arasyndaky temperaturanyň we elektrik potensialynyň tapawudy bilen baglanyşyklydyr.
Bu hadysanyň seýrek bolýandygyna garamazdan, 2021-nji ýylda Puerto-Rikoda ony eýýäm kamera düşürip ýetişdiler - suratçynyň obýektiwine düşen “gyzyl spraýtyň” suraty tutuş dünýä ýaýrady.

düýn 22:20
3.1k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

düýn 18:47
3.6k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......

düýn 16:12
3.2k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

düýn 12:13
2.9k+

Indoneziýada güýçli ýagyşlar sebäpli seýrek duş gelýän orangutanlar heläk bolýar

Dünýäde iň seýrek duş gelýän adam şekilli maýmynlaryň — tapanulian orangutanlarynyň populýasiýasy adatdan daşary howa şertleri sebäpli düýpli ýitgilere sezewar boldy. Bu barada «The Guardian» gazeti ýazýar....