Parižde gowşurylýan Olimpiýa altyn medalynyň agramy 529 g (gram) bolup, şonuň 95,4%-ini (505 g) kümüş, 6 g – arassa altyn, 18 g – demir emele getirýär. Şol bir wagtyň özünde, bu medallar Oýunlaryň taryhynda iň gymmat medallar boldy diýip, Forbes habar berýär.
Altyn medalyň metallaryň bahasy boýunça hasaplanan özüne düşýän bahasy, takmynan, 950 dollara barabar. Bu häzirkizaman Oýunlaryň medallary üçin rekord bahadyr.
Ilkinji nobatda, bahalaryň şeýle ýokary bolmagy altynyň rekord bahasy bilen baglanyşyklydyr. Deňeşdirmek üçin, 2012-nji ýylda Londondaky Olimpiadanyň altyn medalynyň bahasy 708 dollardy.
Bellemeli ýeri, eger altyn medal arassa altyndan ýasalan bolsa, onuň bahasy, takmynan, 41,16 müň dollar bolardy. Şu sebäpli 1912-nji ýylda arassa altyndan ýasalan medallaryň berilmegi bes edildi.
Kümüş medalyň agramy 525 g bolup, ol 507 g kümüşden, 18 g demirden ybarat. Onuň bahasy, takmynan, 486 dollar.
Bürünç medalyň agramy 455 g bolup, 415,15 g misden, 21,85 g sinkden we 18 g demirden ybarat. Onuň bahasy, takmynan, 13 dollar.
Olimpiada-2024-üň ähli medallarynyň diametri 85 mm, galyňlygy 9,2 mm. 5084 medalyň her biriniň merkezinde Eýfel diňinden ýörite çarçuwaly altyburçly demir bölejigi bar. Medallaryň dizaýny Chaumet altyn-kümüş öýi tarapyndan işlenip taýýarlandy. Medallar Parižiň zikgehanasy tarapyndan ýasaldy.