ABŞ-nyň basketbol ýygyndysy taryhda 17-nji we yzygider 5-nji gezek Olimpiadada ýeňiji boldy

  • 11.08.2024 23:56
  • 4k+

10-njy awgustda Pariždäki tomusky Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň arasynda basketbol ýaryşynyň final oýny geçirildi, onda Fransiýanyň we ABŞ-nyň milli ýygyndylary duşuşdy. Amerikan topary 98:87 hasap bilen ýeňiş gazandy.

Toparda iň netijeli oýunçy “Golden Steýt Uorriorzyň” lideri Stefen Karri boldy. Ol oýnuň dowamynda 24 utuk gazanmagy başardy. Ol karýerasynda ilkinji gezek Oýunlaryň altyn medalyny aldy. “Los-Anjeles Leýkersden” Lebron Jeýms üç gezek Olimpiýa çempiony boldy.
ABŞ-nyň milli ýygyndysy 17-nji gezek Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazandy. Ol eýýäm yzygider bäşinji Olimpiadada utulman galdy. Tokioda geçen Oýunlarda-da amerikalylar finalda fransiýalylardan üstün çykypdylar.
Parižiň bürünç medalynyň eýesi Serbiýanyň milli ýygyndysy boldy.


06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

02.06.2026 12:06
10k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

01.06.2026 17:02
6.7k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......