Gruziýaly ştangaçy Laşa Talahadze Olimpiadada iň güýçli türgen diýlip ykrar edildi

  • 11.08.2024 23:48
  • 8.4k+

Gruziýaly ştangaçy Laşa Talahadze super agyr agramda (109 kg-den ýokary) taryhda ilkinji bolup üç gezek Olimpiýa çempiony boldy. Pariždäki Oýunlarda ol yzygider üçünji gezek ýeňiji boldy we Olimpiadanyň iň güýçli türgeni diýlip ykrar edildi – agyr atletikaçylaryň – super agyr agramly söweşijileriň arasynda çempion hemişe şeýle atlandyrylýar.

Talahadze 2015-nji ýyldan, diskwalifikasiýadan soň sporta gaýdyp geleni bäri hiç kimden ýeňlenok. Türgen yzygider ýedi dünýä çempionatynda ýeňiji boldy, Rio-de-Žaneýrodaky we Tokiodaky Olimpiadalarda ýeňiş gazandy, ol hatda Ýaponiýada silterläp götermekde (223 kg), itekläp götermekde (265 kg) we jemi boýunça (488 kg) dünýä rekordlaryny goýdy.
Parižde 30 ýaşly Talahadze birneme pes, 470 kg netijäni (silterläp götermekde 215 kg + itekläp götermekde 255 kg) görkezdi. Ýöne bu ýeňiş üçin ýeterlik boldy.
Ikinji orny ermenistanly Warazdat Lalaýan (467; 215+252), üçünji orny Bahreýniň wekili Gor Minasýan (461; 216+245) eýeledi.


31.05.2026 00:29
5k+

Tbiliside 60 ýurduň gatnaşmagynda iň uzyn nard boýunça ilkinji dünýä çempionaty başlandy

29-njy maýda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde taryhda ilkinji gezek iň uzyn nard boýunça dünýä çempionatyna badalga berildi. Bu abraýly bäsleşik Halkara nard federasiýasynyň howandarlygynda geçirilip, oňa......

21.05.2026 11:27
3.4k+

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda bir kümüş we dört bürünç medal aldy

2026-njy ýylyň 9-17-nji maýy aralygynda Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri bu abraýly......

14.05.2026 15:38
2.4k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

05.01.2026 12:06
7.2k+

Türkmen agyr atletikaçylary Dohada geçirilen ýaryşda 21 medal gazandylar

Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary şowly çykyş edip, 7 altyn, 7 kümüş, 7 bürünç medal gazandy. Halkara ýaryş 2025-nji ýylyň agyr atletika boýunça 10-njy Katar halkara kubogyny, ýetginjekleriň, ýaşlaryň we ulularyň arasynda geçirilýän Arap çempionatyny, şeýle-de Günbatar Aziýa çempionatyny özünde jemledi...