Beýik Britaniýada elektron galyndylardan şaý-sep ýasadylar

  • 10.08.2024 23:24
  • 5.6k+

Beýik Britaniýada Patyşa zikgehanasy gaýtadan işlenen elektron platalardan şaý-sep öndürip başlady diýip, New Atlas habar berýär.

Kanadanyň Excir kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen tehnologiýany ulanyp, Günorta Uelsdäki täze zawodda zyňyndy çap platalarynyň altyny çykarylyp alynýar. 3700 m² meýdany tutýan zawod ýylda 4000 tonna çenli platany gaýtadan işlemäge ukyply.
Gaýtadan işlemeklik birnäçe sekundyň içinde altynyň 99%-den gowragyny çykaryp almaga mümkinçilik berýän, ekologiýa taýdan arassa himiki ergini ulanmaklyga esaslanýar. Soňra altyn 886 atly şaý-sepler toplumyny döretmek üçin ulanylýar. Önümleriň  bahasy 1525 funt sterlingden 2995 funt sterling aralygynda oýnaýar.
Müň ýyldan gowrak taryhy bolan Patyşa zikgehanasy teňňeleriň ulanylyşynyň kemelmeginiň fonunda işjeňlik bilen ösüşiň täze ugurlaryny gözleýär. Elektron galyndylardan ýasalýan şaý-sepler şeýle ugurlaryň birine öwrüldi. Bu taşlanan elektronikadaky gymmatly çeşmelerden netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
BMG-nyň berýän maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda rekord derejede elektron galyndylary öndürilipdir. Bütin dünýäde hem gymmatly, hem zäherli materiallardan doly 62 million tonna telefon, kompýuter, telewizor we beýleki enjamlar zyňyldy. Guramanyň bilermenleri 2030-njy ýyla çenli elektroniki galyndylaryň mukdarynyň ýene 32% ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar. Adamlar her ýyl 82 million tonna elektronikany zyňarlar.


düýn 19:18
2k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......