iPad Pro ýylyň ikinji çärýeginde Apple-iň iň köp satylan planşeti boldy

  • 10.08.2024 23:15
  • 1.7k+

Consumer Intelligence Research Partners (CIRP) analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde flagman iPad Pro Apple-iň iň köp satylan planşeti boldy. Gurluş has arzan modellerden hem meşhur boldy.

Ikinji çärýegiň jemi boýunça, Apple hatarynda iň gymmat planşet umumy iPad satuwynyň 43%-ini emele getirdi. Ikinji orunda esasy iPad ýerleşdi (35%), onuň yzyndan iPad Air (12%) we iPad mini (10%) gelýär.
iPad Pro-nyň paýy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% ýokarlandy, esasy iPad-yň satuwy bolsa öňki derejesinde galdy. iPad Air bilen iPad mini-niň paýlary, degişlilikde, 3% we 2% azaldy. Esasy iPad 2023-nji ýylyň iýun aýynda we 2024-nji ýylyň iýun aýynda-da umumy iPad satuwynyň üçden bir bölegini emele getirdi.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...