Ženewa 2024-nji ýylda dünýäniň iň gymmat şäheri boldy

  • 10.08.2024 16:15
  • 7.3k+

2024-nji ýylda ýaşaýyş üçin iň gymmat şäherleriň reýtinginde Ženewa birinji orny eýeledi. Numbeo platformasy tarapyndan hödürlenen ýaşaýyş bahasynyň täzelenen indeksinde bu şäher 101,7 bal gazanyp, dünýäniň beýleki şäherlerinden öňe geçdi.

Reýtingiň esaslanýan ýaşaýyş bahasynyň indeksi azyk önümleri, ulag we jemagat hyzmatlary ýaly esasy sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlarynyň bahalaryny göz öňünde tutýar, ýöne ýaşaýyş jaý çykdajylaryny öz içine almaýar. Sanawa 218 şäher girdi. Reýting ýylda iki gezek täzelenýär.
Täze sanawda ikinji orny 100,4 bal bilen Şweýsariýada ýerleşen ýene bir şäher Sýurih eýeledi. Üçünji orunda Nýu-Ýork ýerleşdi, onuň yzyndan San-Fransisko we Boston gelýär. Ilkinji onluga Waşington, Sietl, Los-Anjeles, Çikago ýaly amerikan şäherleri-de girdi. Onlukda Reýkýawik hem bar.
Beýleki bir tarapdan, iň arzan şäherler Pakistanda we Hindistanda ýerleşen Karaçi, Lahor we Kalkutta boldy, olar 19 – 21 bal gazandylar.

düýn 16:31
3.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
4.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......