BMW starteriň gyzmagy sebäpli ABŞ-da 100 müňden gowrak awtomobili yzyna gaýtarar

  • 10.08.2024 14:23
  • 6.9k+

BMW starteriň gyzmagy bilen bagly ýüze çykyp biljek meseleler sebäpli ABŞ-da 105 558 awtomobili yzyna gaýtarmakçydygyny mälim etdi. Bu barada ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy administrasiýasynyň (NHTSA) maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär.

Yzyna gaýtarma birnäçe modele, şol sanda X5, X7, 3 we 7 seriýaly sedanlara hem krossowerlere täsir eder.
Kompaniýa mümkin bolan näsazlyklaryň öňüni almak üçin programma üpjünçiligini täzelemegi meýilleşdirýär.
Belläp geçsek, NHTSA iýul aýynda howpsuzlyk ýassyklary bilen baglanyşykly meseleler sebäpli 394 000-den gowrak BMW awtomobiliniň yzyna gaýtarylýandygyny görkezýän hasabaty çap etdi.
BMW-niň 2023-nji ýyl we 2024-nji ýylyň başy üçin maliýe hasabatlarynda girdejiniň ep-esli azalandygy bellenilýär. 2023-nji ýylda kompaniýanyň arassa girdeji 35% azalyp, 12,165 mlrd ýewro boldy, ýöne dördünji çärýekde 16,8% ösüş hasaba alyndy. 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde hem girdeji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19%, 2,95 mlrd ýewro çenli azaldy.


18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......