Suwy arassalamagyň täze usuly: keramiki “wafliler” zäherli maddalaryň 75%-ini ýok edýärler

  • 10.08.2024 11:59
  • 7k+

Beýik Britaniýanyň alymlary hapa suwlardan zäherli "hemişelik himiki maddalary" aýyrmak üçin innowasion usuly oýlap tapdylar. Olar hapalanan suwdan birnäçe sagadyň içinde himiki maddalaryň 75%-ini çykaryp bilýän keramiki gözenekleri 3D printerde çap etdiler. Bu gurluşlar netijeliligini ýitirmezden gaýtadan ulanylyp bilner diýip, New Atlas habar berýär.

Senagatda we öý hojalygynda ulanylýan per- we poliftoralkil maddalary (PFAS) saglyga we daşky gurşawa uly howp salýarlar. Täze tehnologiýa, PFAS molekulalary bilen baglanyşýan indiý oksidiniň goşulmagy bilen 3D printerde çap edilen keramiki monolitleri ulanýar. Birnäçe sagat hapalanan suwa çümdürilen bu monolitler himiki serişdeleri netijeli aýyrýarlar.
Synaglarda keramiki gözenekler üç sagadyň dowamynda perftorooktan kislotasynyň 53%-ini ýok etdiler. Monolitleriň gaýtadan ulanylmagy şol bir wagtyň içinde arassalaýyş netijeliligini 75%-e çenli ýokarlandyrdy.
Alymlar bu keramiki monolitleriň PFAS hapalanmagyna garşy göreşmek üçin täsirli we gaýtadan ulanylýan çözgüt hödürläp, bar bolan suw arassalaýyş ulgamlaryna möhüm goşundy bolup biljekdigine ynanýarlar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....