Serdar Berdimuhamedow Konsultatiw duşuşyklaryň esasy maksadynyň saklanyp galmalydygyny aýtdy

  • şu gün 18:36
  • 1.1k+
Serdar Berdimuhamedow Konsultatiw duşuşyklaryň esasy maksadynyň saklanyp galmalydygyny aýtdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda her ýyl geçirilýän duşuşyklaryň indi däbe öwrülendigini we tejribäniň görkezişi ýaly, hemişe möhüm we derwaýysdygyny belledi.

Bu mejlisleriň dowamynda netijeli, açyk, ynanyşykly dialog alnyp barylýar, bu bolsa pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine has gowy düşünmäge we bu esasda anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär.
Döwlet Baştutanynyň pikirine görä, ýokary derejedäki duşuşyklaryň bu formatyny guramak başlangyjyny öňe süren Türkmenistan bu duşuşyklaryň diňe maslahat beriş häsiýete eýe bolmalydygyndan, berk düzgünleşdiriji kadalardan we amallardan azat syýasy gatnaşyk üçin meýdança bolmalydygyndan ugur alýar. Şeýle çemeleşme hyzmatdaşlygymyzyň barşy barada has giňişleýin we dürs düşünje almaga, teklipleri we düzedişleri girizmäge, pikirleri beýan etmäge mümkinçilik berýär.

«Konsultatiw duşuşyklaryň ilki başdaky mazmuny bu maksady saklanyp galmaly diýip hasaplaýaryn. Biziň pikirimizçe, olaryň çäklerinde haýsydyr bir köptaraplaýyn düzümleriň döredilmegi maksadalaýyk däldir. Biz birek-birege örän oňat düşünýäris, biziň her bir duşuşygymyz aýdyň mazmunly jemleýji resminama bilen tamamlanýar we resminama esasynda biz iş alyp barýarys. Syýasy nukdaýnazardan, şeýle hem iş nukdaýnazaryndan, bu formatyň çäklerinde goşmaça düzümleri döretmegiň zerurlygy ýok diýip hasaplaýarys» diýip, Prezident nygtady.

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Konsultatiw duşuşyklara diňe Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagy biziň pikirimizçe, bu duşuşyklaryň beýleki möhüm bölegi bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, biziň bäştaraplaýyn syýasy dialogymyzyň sebit meselelerine degişlidigi bilen şertlendirilendir.


şu gün 18:30
32

Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň ulag baglanyşygyny güýçlendirmegi iş ýüzünde amala aşyrmaga girişmegi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda ýakyndan we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmak sebit gün gün tertibiniň ileri tutulýan...

şu gün 18:22
113

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýadan kärdeşlerini Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň Halkara forumyna çagyrdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlaryny şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň...

şu gün 18:15
455

Serdar Berdimuhamedow: «Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar: bular – parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk»

Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda häzirki döwürde dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda parahatçylygy, ylalaşygy we durnuklylygy gorap...

şu gün 16:25
2.3k+

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary birnäçe möhüm resminamalara gol çekdiler

9-njy awgustda - şu gün Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Gazagystanyň...