Filippinli gimnastikaçy Olimpiýa altyn medaly üçin iki otagly jaý we ömürlik iýjek-içjegini alar

  • 06.08.2024 18:05
  • 13k+

Filippinli Karlos Ýulo Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda iki altyn medal gazanyp, öz ýurdunda şeýle üstünlige ýeten ilkinji erkek türgen boldy. Ol ilki erkin maşklarda, soň eliňi diräp bökmekde çempion boldy. Bu ony milli gahrymana we şol bir Oýunlaryň iki altyn medalyny alan ilkinji filippinli türgene öwürdi diýip, The Guardian habar berýär.

24 ýaşly Ýulo Olimpiýa medalyny alan ikinji filippinli türgendir. Ilkinji gezek şeýle baýraga 2020-nji ýylda zenan agyr atletikaçy Hidilin Dias mynasyp boldy.
Şeýle üstünlik üçin ýerli häkimiýetler we kompaniýalar gimnastikaça eýýäm köp sanly sowgatlary wada berdiler.
Filippinleriň Prezidenti Bongbong Markos öz Facebook-ynda ýurduň “taryhyň şaýady bolandygyny” belledi, parlamentiň aşaky palatasynyň spikeri Ferdinand Martin Romualdes bolsa türgeni “milli buýsanç” diýip atlandyrdy.
Gazanan üstünligi üçin Ýulo 3 million Filippin pesosyny (takmynan, $52 müň) we Kongresiň medalyny alar. Ýene 10 million peso (takmynan, $173 müň) türgenleri höweslendirmek baradaky kanun esasynda göz öňünde tutulýar.
Hususy kompaniýalar hem doly mebel bilen üpjün edilen iki otagly jaý, restoranlardan ömürlik azyk üpjünçiligi, telefon üçin daşlyklar, awtomobil faralary, fotograf hyzmatlary we geljekde hem özi üçin, hem onuň goldamak isleýän beýleki hassalary üçin mugt endoskopik proseduralar ýaly sowgatlary hödürleýärler.
Mundan başga-da, Ýulo kofe we limonly içgileri öndürmek boýunça biznes franşizasy, şeýle-de gözellik klinikasy bilen £10 million bahaly mahabat şertnamasy teklip edildi.
Ýeňşiň baýram edilip bellenmegi tutuş ýurtda dowam etdi, kafelerde we restoranlarda bolsa Karlos, Kaloý (gimnastikaçynyň lakamy) ýa-da Edriel (onuň ikinji ady) atly ähli adamlara mugt hödür edildi.
Ýulo birinji ýeňşinden soň haýran galandygyny aýtdy: “Men näme diýjegimi bilemok. Biz, hakykatdanam, kiçi ýurt, şonuň üçin altyn medal almak mümkinçiligi – bu uly waka, ägirt uly waka... Medaly meni goldan filippin halkyna bagyşlaýaryn”.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.8k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....