Angliýada bir maşgala 30 ýyllap şol bir sanlary bellemek arkaly lotereýada bir million funt sterling utdy

  • 03.08.2024 17:24
  • 12k+

The Independent-iň habar bermegine görä, angliýaly bir maşgala 30 ýyllap şol bir sanlary bellemek bilen, lotereýada 1 million funt sterling utdy.

87 ýaşly Odri Kob we onuň üç çagasy Dewid (67 ýaşynda), Sandra (60 ýaşynda) we Kerol (55 ýaşynda) utuşy deň – hersi 250 000 funt sterlingden paýlaşarlar.
Uly ogly Dewid Kobb utuş barada aýaly Lindanyň ilkinji bolup bilendigini aýtdy. Ol 1 million funt sterling utandyklary baradaky habary görenden soň, bu barada adamsyna parahat äheňde gürrüň beripdir.
Dewid bu hoş habary paýlaşmak üçin derrew ejesiniň we uýalarynyň ýanyna barypdyr.

Ol: "Ejemize gowy habar bar, ony saňa we uýalaryma bilelikde aýtmak isleýärin diýdim, ýöne ol dessine: "Lotereýa utdukmy?” - diýip sorady welin, meýilnamam biraz üýtgedi. Bu ýolda biz birnäçe kiçiräk utuşlar hem gazanypdyk, ýöne uýalarymyň hersine 250 000 funt sterling berýändigimi aýdanymda, men iň gowy görülýän uly dogana öwrüldim. Aýratynam, birnäçe ýyl bäri kösenýän, indi hiç wagtam öz öýüm bolmaz diýip ruhdan düşüp ugran aýal doganym Kerol üçin bu ajaýyp pursat boldy […] Kerol ýaşaýyş jaý aladasynyň indi yzda galandygyny bilip, aglap goýberdi" – diýip, ol kişi gürrüň berdi.


21.05.2026 19:24
3.9k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......

21.05.2026 07:29
1.1k+

Halkara "Buker" baýragy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" romanyna berildi

Zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" (Taiwan Travelogue) romany 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 19-njy maýda Londonyň Tate Modern muzeýinde geçirildi....

13.05.2026 19:49
1.6k+

The Beatles toparynyň üçeginde soňky konsertini beren jaýy muzeý bolar

Londonyň Sewil-Rou köçesiniň 3-nji jaýynda The Beatles muzeýi açylar. Hut şu binada toparyň ştab-kwartirasy we «Let It Be» albomynyň ýazgy edilen studiýasy ýerleşipdi, binanyň üçeginde bolsa toparyň iň soňky......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......