350 metr belentlikde: Saud Arabystany DÇ-2034 üçin özboluşly stadion gurar

  • 04.08.2024 13:08
  • 14k+

Saud Arabystanynda 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty üçin özboluşly stadion gurmak meýilleşdirilýär. Neom meýdançasy geljekki The Line aýna megapolisiniň taslamasynyň çäklerinde gurlar diýlip, Parametric Architecture ýazýar.

Ýerden 350 metrden gowrak belentlikde ýerleşen stadion dünýäde iň beýik sport desgalarynyň biri bolar. Binagärlik taslamasy aýna böleklerinden döredilen üçegi göz öňünde tutýar, bu stadiona futuristik görnüşi berer.
Meýdança 46 010 adamy kabul edip biler.
Taslama Neom stadionynyň oýunçylar, tomaşaçylar we ýaýlyma berijiler üçin elektron petek we 4K Ultra HD ýaýlyma beriş ýaly öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutýar. Dünýä çempionaty tamamlanandan soň, stadion professional futbol kluby üçin öý we The Line şäheriniň sport durmuşynyň merkezi bolar.

Stadionyň gurluşygyna 2027-nji ýylda başlamak, 2032-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Ýatlap geçsek, aýna megapolisiniň döredilmegini göz öňünde tutýan The Line taslamasy Saud Arabystanynyň maliýe ätiýaçlyklarynyň azalmagy sebäpli 98% gysgaldyldy.
The Line – bu häzir Saud Arabystanynyň demirgazyk-günbatarynda gurulýan geljegiň megapolisi. NEOM ösüş taslamasyna laýyklykda, şäher biri-birine garşy parallel hatarlar görnüşinde ýerleşdirilen uzyn aýna fasadlardan ybarat bolar. Olary geçelgeler, açylýan köprüler we umumy tizlikli ulag ulgamy birleşdirer.


düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....