Toni Fergýuson UFC on ABC 7-de Maýkl Kýezadan ýeňlip, antirekord goýdy

  • 04.08.2024 22:49
  • 14k+

Abu-Dabide (BAE) garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC on ABC 7 ýaryşy tamamlandy. Ýeňil agramda (70 kg çenli) öňki wagtlaýyn çempion amerikaly Toni Fergýuson watandaşy Maýkl Kýeza bilen duşuşdy. Söweş birinji raundda Maýkl Kýezanyň demikdiriji usul arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy. 

Kýezadan ýeňilmegi 40 ýaşly Fergýuson üçin yzygider sekizinji ýeňliş boldy. Mundan öň, ol Jastin Getjiden, Çarlz Oliweýradan, Beneil Dariuşdan, Maýkl Çendlerden, Neýt Diasdan, Bobbi Grindan we Peddi Pimblettden ýeňildi.
Netijede, Fergýuson yzygider ýeňlişleriniň sany boýunça absolýut antirekord goýdy. 
Soňky gezek Toni 2019-njy ýylda UFC 238-de ýeňiş gazanypdy. Şonda ol Donald Serroneden tehniki nokaut bilen üstün çykdy. 
UFC on ABC 7-niň esasy söweşinde russiýaly Umar Nurmagomedow amerikaly Kori Sendhagen bilen duşuşdy. Söweş bäş raund dowam edip, russiýalynyň emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
Nurmagomedow yzygider 18-nji ýeňşini gazandy, ol ýeke gezek hem ýeňilmedi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......