Mekdep üçin bazarladyňyzmy? Talyp dükany uly arzanlaşyklary hödürleýär (bahalar)

  • 03.08.2024 14:24
  • 80k+

Mekdep harytlaryny nireden almagy meýilleşdirýärsiňiz?
Aşgabatda «Bereketli bazarly söwda merkezinde» ýerleşýän (Parahat 7) «Talyp» dükany mekdep üçin harytlaryň ählisini bir ýerden almagy teklip edýär. Dükanda çagany mekdebe doly taýýar edip ugratmak üçin gerekli harytlaryň ählisi amatly bahadan hödürlenýär.
Üstesine, tölegler bank kartlary arkaly hem kabul edilýär.

Häzirki wagtda «Talyp» dükanynda mekdep we ofis harytlarynyň giň toplumyna arzanlaşyk hereket edýär.
Arzanlaşykdaky harytlar:

  • 12 listlik depder — 0,80 teňňe, 0,85 t, 1,10 m, 1,50 m;
  • Gündelik — 5m, 10m, 13m, 20m, 22m;
  • 24 listlik umumy depder — 1,85 m
  • 36 listlik umumy depder – 2,30 m, 2,50 m, 4 m;
  • 48 listlik umumy depder — 2,70 m, 3 m, 4m, 5,50 m;
  • 96 listlik umumy depder — 5,50 m, 7,50 m, 10 m
  • Depder daş — 7 m, 9 m, 13 m, 15 m, 25 m;
  • Kitap daş — 6 m, 10 m, 15 m, 35 m; 
  • Dürli galam – 4 m, 5 m, 6 m, 9 m, 10 m, 15 m, 25 m, 60 m;
  • Lineýka – 2 m, 3 m, 4 m, 5 m, 6 m, 35 m we başga-da köp sanly arzanlaşyklar.

“Talyp” dükanynda sumkalardan, talyp portfellerinden başlap, penallara, suw termoslaryna, albomlara çenli okuwa degişli zatlaryň ählisi bar.
Bulardan başga-da, dükanda çagalar üçin dürli görnüşli oýnawaçlar — gurjaklar pultly maşynlar, samokatlar, skuterler, welosipedler, hadynoklar we beýlekiler bar.

Salgysy: Aşgabat ş., Parahat 7, «Bereketli bazarly söwda merkezi», gündogar tarapdan geleniňde uly girelgeden girip, sag tarapa seredeniňde eskalatoryň aşagynda, 101-nji dükan, TALYP market.

Telefonlar:
+99362 19-12-17;
+99365 79-04-73.


25.05.2026 17:25
3.7k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.7k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......