US Open 2024: Baýrak gaznasy rekord derejeli bolar, Nadal ýaryşy sypdyrar

  • 08.08.2024 20:59
  • 2.7k+

ABŞ-nyň tennis boýunça Açyk çempionatynyň umumy baýrak gaznasy 2024-nji ýylda rekord 75 mln dollara ýeter. Bu barada ýaryşyň resmi saýty habar berýär. Ýaryş 26-njy awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda geçiriler.

Baýrak gaznasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15% ýokarlandy. Ýeňijileriň her biri 3,6 mln dollar alar, bu 2023-nji ýyldakydan 20% köpdür. Ýekelikde esasy setkanyň birinji tapgyrynda utulanlar 100 müň dollar alar, bu bir ýyl ozalkydan 23% köpdür. Jübüt görnüşdäki ýaryşyň baýrak gaznasy 9% , garyşykda – 18% ýokarlanar.
Şunuň bilen birlikde, tennisçi Rafael Nadalyň “US Open 2024-e” gatnaşmajakdygy belli boldy. Ispaniýaly öz çözgüdini X sosial ulgamynda habar berdi.

“Öz 100% başarnygymy görkezip bilerin diýip pikir edemok. ABŞ-dan ähli muşdaklaryma minnetdarlyk bildirýärin, ýene bir gezek duşuşarys” – diýip, Nadal ýazdy. Karýerasynyň dowamynda türgen bu ýaryşda dört gezek ýeňiji boldy, “Uly tuwulga” ýaryşlarynda jemi 22 ýeňiş, şol sanda Fransiýanyň Açyk çempionatynda rekord 14 ýeňiş gazandy. 


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

01.06.2026 17:02
6.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....