Anhel Di Mariýa “Benfika” bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy

  • 08.08.2024 20:16
  • 4.2k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde futbol boýunça dünýä çempiony Anhel Di Mariýa Portugaliýanyň “Benfika” kluby bilen şertnamasyny uzaltdy. Bu barada toparyň saýtynda habar berilýär.

Ýarym goragçy “Benfika” 2023-nji ýylyň iýul aýynda erkin agent hökmünde geçdi we klub bilen birýyllyk şertnama baglaşdy. 2023/24 möwsüminde Di Mariýa 48 oýna gatnaşyp, 17 gol geçirdi we 15 netijeli geçirim bilen tapawutlandy. 36 ýaşly oýunçynyň täze şertnamasy 2024/25 möwsüminiň ahyryna çenli hereket edýär.
Di Mariýa “Benfikada” 2007 – 2010-njy ýyllarda hem çykyş etdi we topar üçin 121 oýna gatnaşyp, 15 gol geçirdi. Soňra futbolçy Madridiň “Realynda” (2010-2014), Angliýanyň “Mançester Ýunaýtedinde” (2014-2015), Fransiýanyň “Pari Sen-Žermeninde” (2015-2022) we “Ýuwentusda” (2022-nji ýylyň tomsundan) oýnady.


düýn 16:49
4.8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.1k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
6.8k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.2k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....