Pariždäki Olimpiadanyň 12-nji gününiň netijesi: gyzykly wakalar

  • 08.08.2024 14:23
  • 7k+

 

7-nji awgustda, Pariždäki Oýunlaryň 12-nji ýaryş gününde sportuň 10 görnüşinde 23 medal toplumy paýlandy, şeýle-de heniz medal däl, ýöne eýýäm aýgytly bolan ýaryşlar, ylgawlar, tutluşyklar geçirildi. Medal sanawynda amerikalylar öňde barýar (27 altyn, 35 kümüş we 32 bürünç medal – jemi 94). Ikinji bolup hytaýly türgenler gelýär (25-23-17, jemi 65), üçünji orny awstraliýalylar eýeleýär (18-12-11, jemi 41).

Günüň esasy wakalary:

Disk: Ýamaýkaly türgen Rohe Stona disk zyňmakda altyn medal gazanyp, täze Olimpiýa rekordyny goýdy – 70 metr. Dünýä rekordynyň eýesi we ýaryşlaryň faworiti, litwaly Mikolas Alekna üç santimetr tapawut bilen ýeňiş gazanyp bilmedi.

Boks: Ukrainaly türgen Aleksandr Hižnýak 80 kg çenli derejäniň finalynda Gazagystandan dünýä çempiony Nurbek Oralbaýdan üstün çykdy.

Woleýbol: Fransiýanyň woleýbol ýygyndysy Italiýanyň toparyny utup, finala çykdy. Beýleki bir ýarym finalda Polşa ABŞ-ny utdy.

Basketbol: Zenanlaryň basketbolynda ABŞ-nyň ýygyndysy nobatdaky çempionlyga tarap ynamly barýar, ol eýýäm on Olimpiada bäri dowam edýän ýeňişli tapgyry saklaýar.

Ýeňil atletika:
400 metre ylgamakda amerikaly Kuinsi Holl britaniýaly Metýu Hadson-Smitden öňe geçip, 43:40 netije bilen ýeňiji boldy.

·Erkekleriň arasynda 5000 metre saýlama ýaryşynda ylgawçylar üýşmek bolup ýykyldylar. Eminleriň karary bilen ýykylan dört ylgawçy-da finala çykdy.

·Päsgelçilikli 3000 metre ylgamakda dünýäniň rekord eýesi, efiopiýaly Lameha Girma böküş wagty barýere degip, kellesini urduryp, hereketsiz ýykyldy. Türgeni ýörite enjamda äkitmeli boldy. Soňrak ylgawçy özüne geldi we ol lukmançylyk barlagy üçin hassahana äkildi.

·Fransiýaly ýeňil atletikaçy Elis Fino päsgelçilikli 3000 metre ylgamakda pellehana geleninden soň, öz söýgüli ýigidine durmuş gurmagy teklip etdi (ol pellehana dördünji bolup geldi). Ýigit razy boldy.

Welotrek: Niderlandly Harri Lawreýsen kwalifikasiýa tapgyrynda 9,088 sekunt netijäni görkezip, trek sprintinde täze dünýä rekordyny goýdy.

Göreş: Zenanlaryň göreşinde Hindistandan Wineş Phogat finaldan öň diskwalifikasiýa edildi. Ol soňky agram çekmede öz derejesinde rugsat berlen 50 kg-den bary-ýogy 100 gram agyr boldy.

Skeýtbord: Skeýtbord ýaryşynda gatnaşyjylaryň ýaş tapawudy boýunça rekord goýlan bolsa gerek. Oňa 11 ýaşly hytaýly Çžen Haohao we Beýik Britaniýanyň baýdagy bilen çykyş eden 51 ýaşly amerikaly Endi Makdonald gatnaşdy. Olar kwalifikasiýany geçmediler. Altyn medaly awstraliýaly Kigan Palmer aldy.


düýn 18:45
4.1k+

Mehiko köpçülikleýin futbol türgenleşigi boýunça Ginnesiň rekordyny goýdy

Mehiko şäheriniň meşhur Sokalo meýdançasynda taryhda iň uly köpçülikleýin futbol türgenleşigi geçirildi. Oňa 9 500 adam gatnaşdy we bu görkeziji täze dünýä rekordyny goýmaga mümkinçilik berdi. Çäre wagtynda uly meýdança äpet, açyk asmanyň astyndaky türgenleşik meýdançasyna öwrüldi...

16.03.2026 15:10
3.4k+

Tanap çekişmek boýunça dünýä çempionatyna müňden gowrak türgen gatnaşdy

Taýwanyň Taýbeý şäherindäki «Taipei Arena» meýdançasynda tanap çekişmek boýunça binalaryň içinde geçirilýän dünýä çempionaty tamamlandy. Oňa müňden gowrak türgen gatnaşdy. Bu Taýwanyň tanap çekişmek sporty boýunça halkara ýaryşlary ilkinji kabul edişidir...

13.03.2026 16:42
4k+

Şwesiýaly Arman Dýuplantis syrykly bökmekde eýýäm 15-nji dünýä rekordyny goýdy

Şwesiýadan iki gezek Olimpiýa çempiony Arman Dýuplantis syrykly bökmek boýunça karýerasynda 15-nji gezek dünýä rekordyny täzeledi. Bu gezek ol Şwesiýanyň Uppsala şäherinde geçirilýän "Mondo Classic – 2026" möwsümara ýaryşynda 6,31 metr belentlikden aşyp bildi...

05.03.2026 21:17
3.2k+

Sobolenka, Dýuplantis we Alkaras sport dünýäsiniň «Oskar» baýragyna dalaş edýärler

Sport dünýäsiniň «Oskary» diýlip atlandyrylýan her ýylky «Laureus» baýragyna dalaş edýänleriň atlary belli boldy. Baýragyň guramaçylyk komiteti sekiz ugur boýunça dalaşgärleriň sanawyny resmi taýdan neşir etdi...