Toyota, Honda we Nissan awtoulag ägirtleri Hytaý bazaryndaky paýyny ýitirýärler

  • 08.08.2024 12:21
  • 6.5k+

Ýaponiýanyň Toyota, Honda we Nissan awtoulag öndürijileri çalt ösýän Hytaý bazarynda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Iýul aýynda bu kompaniýalaryň söwdasy ep-esli peseldi diýip, ITHome habar berýär.

Financial Associated Press-iň berýän maglumatlaryna görä, Hytaýda Toyota-nyň söwdasy bir ýyl ozalkysyndan 6,1 göterim peseldi we 143 400 birlige boldy. Honda 52 567 awtoulag satdy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 41,4 göterim azdyr. Şeýle hem, Nissan 47 102 sany ulag satmak bilen, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, söwdasy 20,8 göterim pese gaçdy.
Bu pese gaçyşlyk birnäçe aý bäri dowam edýär. Toyota-nyň we Honda-nyň satuwlary yzly-yzyna alty aý bäri peselýär, Nissan-nyň söwdasy bolsa eýýäm dördülenji aý pese gaçýar. Ýapon kompaniýalary, esasanam, täze energiýa çeşmeleri bilen işleýän ulaglar segmentinde ýerli brendleriň basyşyna sezewar bolýarlar.
Ýapon brendleriniň konserwatiw bolmagynda galyp, tehnologiýa we şahsylaşdyrma has köp gadyr goýýan sarp edijileriň islegleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly, mesele hasam çuňlaşýar.
Ählumumy üpjünçilik zynjyryndaky meseleler we ýarymgeçirijileriň ýetmezçiligi goşmaça kynçylyklary döredýär, bu bolsa öz gezeginde önümçilige we satuwa öz täsirini ýetirýär.


şu gün 21:15
799

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......