BMW ABŞ-daky zawodynda adampisint robotlary nädip işledýär (wideo)

  • 08.08.2024 11:23
  • 4.7k+

BMW Spartanburgdaky (Günorta Karolina, ABŞ) zawodynda Figure AI kompaniýasyndan Figure 02 gumanoid robotyny üstünlikli synagdan geçirdi.

IXBT portalynyň belleýşi ýaly, takyk we güýç talap edýän işleri ýerine ýetirmek üçin robotlar awtomobil zawodlarynda ençeme wagtdan bäri ulanylýar. Indi BMW has ösen modelleri bu işe çekmek mümkinçiligini barlaýar.
Figure 02 gumanoid robotynyň hereket erkinliginiň on alty derejesine eýe bolan eli we adamyňka barabar kuwwaty bar. Onuň BMW zawodyndaky işi aýratyn ýeserligi talap edýän we adamlar üçin ýadadyjy iş bolan şassi taýýarlamak prosesinde list metal detallaryny berkidijilere oturtmakdan ybaratdy.
Synaglaryň kömegi bilen BMW gumanoid robotlary önümçilik prosesine nähili girizmelidigine düşünmek we olary goşmak üçin zerur talaplary kesgitlemek isleýär. Figure 02 roboty synaglardan üstünlikli geçse-de, kompaniýanyň heniz gumanoid robotlary önümçilikde mundan beýläk-de ulanmak üçin takyk tertibi ýok.


18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......