Lionsgate “Jon Uikiň” dowamy hökmünde serial çykarar: Kianu Riwz prodýuser bolar

  • 08.08.2024 11:18
  • 1.9k+

Lionsgate Television kompaniýasy “Jon Uik” franşizasynyň dowamynyň – serialyň üstünde işläp başlady. Taslama “John Wick: Under the High Table” (Jon Uik: Beýik stoluň aşagynda) adyny alar.

Serialyň sýužeti dördünji filmiň wakalaryndan soň ýaýbaňlanyp başlar. Munuň bilen ugurdaş Lionsgate franşizanyň bäşinji bölümini taýýarlamagy hem dowam etdirýär.
Deadline-yň maglumatlaryna görä, asyl filmlerde baş keşbi ýerine ýetiriji Kianu Riwz ekrana çykmaz, ol bu gezek taslama prodýuser hökmünde gatnaşar. Onuň bilen bilelikde prodýuserlik işini franşizanyň awtory Çed Stahelski ýerine ýetirer, ol synag bölümini sahna goýmak bilen hem meşgullanar. Serialyň ssenariýaçysy we döredijisi Robert Liwaýn boldy.
Täze filmde tomaşaçylar ýene jenaýat dünýäsiniň gahrymanlary bilen duşuşarlar. Ýatlap geçsek, “Jon Uik” franşizasynyň birinji filmi 2014-nji ýylda çykdy we dünýä prokatynda 1 mlrd dollardan gowrak girdeji ýygnady. Öň, Peacock strim-hyzmatynda Mel Gibsonyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde “Kontinental” ady bilen spin-off çykdy.


şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......