Türkmenistanda emeli rotangdan ýasalan örme mebelleri nireden alyp bolýar?

  • 07.08.2024 16:18
  • 10k+

Rotang agajy barada eşidip gördüňizmi?!
Bu agaçdan örülip ýasalan mebelleri görmedik, hatda olarda oturyp görmedik ýok bolsa gerek. Bu hili mebeller diňe bir daşky bezegi bilen däl, eýsem, jana rahatlygy, ekologiýa taýdan arassalygy, ulanmak üçin oňaýlylygy bilen hem tapawutlanýar.

 

Türkmen öndürijisi “Amantaý” haryt nyşany bilen emeli rotangdan ýasalan örme mebelleriň giň toplumyny – stollary, stullary, diwanlary hödürleýär.
Öý-hojalyklarynda, howly jaýlarynda emeli rotangdan örülip ýasalan hiňňillikler islendik maşgala agzasynyň dynç almagy üçin oňat kömekçidir.
Türkmen öndürijisi emeli rotangdan mebelleriň önümçiligini Türkmenistanda ilkinji bolup ýola goýdy. Bu hili mebelleriň ýurdumyzda öndürilmegi olaryň bahasynyň ep-esli arzan bolmagyny üpjün edýär. Çünki bu görnüşdäki mebelleri daşary ýurtlardan getirmek üçin sarp edilýän çykdajylar onuň bahasyna goşulmaýar.


Bu hili mebelleri gündelik durmuşda ulanmak – ýuwmak aňsat.
“Amantaý” kärhanasynda saýlamak üçin taýýar önümleriň 40-dan gowrak görnüşi bar. Özüne laýyk mebelleri ýasatmak isleýänler üçin bolsa, ýörite sargyt esasynda mebel ýasatdyryp bolýar. Sargytlar 7-10 günüň dowamynda ýerine ýetirilýär.

Tölegler nagt we nagt däl görnüşde kabul edilýär.
Mebel önümlerini “Amantaý” kärhanasynyň InstagramTmCarsTikTok sahypalaryndan hem görüp bilersiňiz.
Eltip bermek hyzmaty Türkmenistanyň tutuş çäginde ýerine ýetirilýär.

“Amantaý” kärhanasy şeýle hem sargyt esasynda ýörite işçi egin-eşiklerini, eko sumkalary taýýarlap bermek hyzmatyny hem ýerine ýetirýär.
Şeýle hem egin-eşiklere basgy etmek üçin logotipli, suratly DTF görnüşleri çap önümlerini hem sargyt edip bolýar.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

Salgysy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri
Instagram: amantay_mebel_fabrigi
TikTok: hamra_rejepow
TmCars: Amantaý


12.05.2026 15:08
4k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....