Kubaly Olimpiadanyň taryhynda iň köp titully pälwan bolup, karýerasyny tamamlady

  • 07.08.2024 13:26
  • 6.8k+

Mihain Lopes Nunýes Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda iň köp titula eýe bolan pälwan boldy. 41 ýaşly kubaly Parižde 130 kg çenli agram derejede grek-rim göreşi boýunça ýaryşyň finalynda Çiliniň wekili Ýasmani Akosta Fernandesi ýeňdi.

Tutluşyk 6:0 hasabynda tamamlandy. Lopes Nunýes yzygider bäşinji Olimpiadada ýeňiji boldy.
Final göreşi tamamlanandan soň kubaly pälwan göreş aýakgabyny çykaryp, ony düşegiň merkezinde goýdy we şonuň bilen karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.
Tokioda geçirilen geçenki Olimpiadada Lopes Nunýes dört Olimpiýa altyn medalyny alan taryhda ilkinji erkek-pälwan boldy. Indi ol zenanlaryň göreşinde dört Olimpiýa altyn medalyna eýe bolan ýaponiýaly türgen Kaori Itýonyň rekordyny täzeledi.
Şeýle-de, kubaly pälwan dünýä çempionatlarynyň bäş gezek çempiony we üç gezek kümüş medalynyň eýesidir.
Lopes Nunýes Tokiodaky Oýunlardan soň hem karýerasyny tamamlapdy, ýöne 2023-nji ýylda dolanmak kararyna geldi.


06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....