EcoFlow kompaniýasy smartfonlara zarýad bermek üçin adaty bolmadyk şlýapa çykardy

  • 07.08.2024 11:59
  • 4.1k+

Akkumulýatorlary we özbaşdak energiýa çeşmelerini öndürýän EcoFlow kompaniýasy Gün panelleri oturdylan Power Hat şlýapasyny çykarandygyny habar berdi. Täze önüm açyk howada dynç alynýarka we syýahat wagtynda smartfonlara we beýleki enjamlara zarýad bermek üçin niýetlenendir.

Power Hat 12W güýji üpjün edýän we 3-4 sagadyň dowamynda 4000mAh akkumulýatorly smartfona zarýad berip bilýän monokristally kremniý paneller bilen enjamlaşdyrylandyr.
Şlýapanyň, IP65 standartyna laýyklykda, çygdan we tozandan goragy bar, şonuň üçin oňa ýagyş täsir edip bilmeýär. Ol iki ululykda elýeterdir: orta (56–58 sm) we uly (59–61 sm). Başgabyň yzky etek böleginde enjamlary birikdirmek üçin USB-A we USB-C portlary bar. Power Hatyň agramy 370 gram bolup, balyk tutmaga gidilende, kenarda dynç alnanda we syýahat wagtynda peýdaly bolar.
Power Hat-y 31-nji awgusta çenli öňünden sargyt edip bolýar, bahasy 79 dollar. Söwda nokatlaryna sentýabryň ortalarynda eltilip başlanar diýlip garaşylýar, bölek satuw bahasy - 129 dollar.


düýn 11:15
2k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 07:37
2.6k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....