Huawei “Demir adam” äheňinde akylly sagat çykardy

  • 05.08.2024 22:18
  • 4.1k+

Huawei kompaniýasy täze Children’s Watch 5 Pro Photochromic Colorful Edition akylly sagadyny hödürledi. Bu Huawei Watch 5 Pro-nyň çagalar üçin niýetlenen wersiýasydyr.

Modeliň esasy aýratynlygy, Gün şöhlesiniň täsirinde kümüş reňkden altyn reňke üýtgeýän fotohrom çarçuwasydyr.
Sagadyň gyzyl reňki, Marvel kino älemindäki “Demir adamyň” (Железный человек) egin-eşigini ýada salýar. Enjam 1,41 dýuýmlyk AMOLED ekrany, iki kamera (öň 2 MP we gapdal 5 MP), şeýle hem wideo jaňlary üçin mikrofonlar bilen üpjün edilendir.
Enjam Bluetooth, Wi-Fi we SIM kartalary goldaýar, bu bolsa ony özbaşdak ulanmaga mümkinçilik berýär. Enjamda giroskop, akselerometr, barometr we geomagnit sensory ýaly dürli görkezijiler, şeýle hem çaganyň ýerleşýän ýerini yzarlamaga mümkinçilik berýän emeli aňly nawigasiýa ulgamy bar.
Sagat IP68 standartyna laýyklykda goralýar – 800 mAs akkumulýator, plastik korpus we silikon gaýyş. Hytaýda täze önümiň bahasy 1148 ýuandan (takmynan 160 dollar) başlaýar.


02.03.2026 14:22
2.5k+

Huawei meşhur Mate 80 Pro modelini 1300 ýewro bahasy bilen dünýä bazaryna çykardy

Huawei kompaniýasy halkara bazary üçin Mate 80 Pro flagman smartfonyny tanyşdyrdy. Bu waka 2022-nji ýyldaky Mate 50 Pro modelinden bäri bu seriýanyň dünýä derejesindäki ilkinji uly hödürlenilişi boldy. Smartfonyň 16 GB operatiw we 512 GB içerki ýat (fleş-ýat) bilen üpjün edilen görnüşine 1300 ýewro baha kesildi...

06.02.2026 14:14
857

Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy

Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir...

24.10.2025 09:49
2.9k+

Huawei üýtgeşik dizaýn bilen router hödürledi

Huawei kompaniýasy Weibo sosial ulgamynda öz täze Huawei Router X3 Pro routeriniň suraty bilen paýlaşdy. Onuň tanyşdyrylyşy noýabrda bolar. Gizmochina-nyň belleýşi ýaly, gurluş adaty tor gajeti däl-de, has dogrusy, interýer elementi ýaly görünýär...

18.01.2025 17:12
4k+

Huawei elektrikli ulaglaryň zarýad stansiýalaryna robot gol ornaşdyrar, ol zarýad kabelini özbaşdak baglar

Huawei kompaniýasy elektrikli awtoulaglary zarýada goýmagy aňsatlaşdyrmak üçin täze robot goly hödürledi. Zarýad kabelini ulagyň zarýad nokadyna özbaşdak baglap bilýän robot gol şu ýylyň ikinji çärýeginde ähli...