Sindi Ngamba Olimpiýa medalyny alan ilkinji bosgun bolar

  • 05.08.2024 13:09
  • 4k+

Kamerundan 25 ýaşly zenan boksçy Sindi Winner Janke Ngamba taryhda Olimpiýa medalyny gazanan ilkinji bosgun boldy. Ýekşenbe güni, 4-nji awgustda, ol emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen utuk boýunça fransiýaly Dawina Mişeli ýeňip, 75 kg çenli agram derejede boks boýunça ýarym finala çykdy.

Penşenbe güni Ngamba finalda ýer almak üçin panamaly türgen Ateýna Baýlon bilen duşuşar. Ýarym final söweşiniň netijesine garamazdan, Ngamba eýýäm münberde ornuny üpjün etdi. Ol ýeňlen ýagdaýynda bürünç medal alar, eger finala çyksa altyn medal ugrunda göreşer.
Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Ngamba Olimpiýa bosgunlar toparynyň baýdak göterijisi boldy. Toparyň düzümine 11 ýurtdan 36 türgen girdi, olar sportuň 12 görnüşinde bäsleşýärler.
BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi we Halkara Olimpiýa Komiteti Sindi Ngambanyň ýarym finala çykmagyna teswir berip, dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda bosgunlary birleşdirmegiň we goldamagyň möhümdigini belledi.


30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....