Apple-iň serwislerinden alan girdejisi ilkinji gezek beýleki önümlerinden has köp girdeji getirdi

  • 05.08.2024 12:46
  • 2k+

Apple kompaniýasy 2024-nji maliýe ýylynyň üçünji çärýegi üçin hasabat berdi.

Kupertinoly kompaniýanyň girdejisi 5% ýokarlanyp, 85,78 mlrd dollara ýetdi. Operasion girdeji bir ýyl ozalky 23 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 25,35 mlrd dollar boldy, arassa girdeji bolsa 19,88 mlrd dollardan 21,45 mlrd dollara çenli artdy diýip, IXBT habar berýär.
iPhone satuwy öňki derejesinden üýtgemedi diýen ýaly: geçen ýylky 39,669 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 39,296 mlrd dollar. Mac satuwy 6,84 mlrd dollardan 7 mlrd dollara çenli ýokarlandy, iPad satuwy bolsa 5,79 mlrd dollardan 7,16 mlrd dollara ýetip, uly ösüş görkezdi.
Ýöne dakylýan gurluşlaryň we öý elektronikasynyň, şeýle-de aksessuarlaryň satuwy 8,28 mlrd dollardan 8,1 mlrd dollara çenli azaldy.
Iň uly ösüşi Apple serwisleri görkezdi: olaryň girdejisi 21,2 mlrd dollardan 24,2 mlrd dollara çenli artdy. Kompaniýanyň taryhynda ilkinji gezek serwislerden gelen girdeji Apple-iň iPhone-dan başga ähli önümleriniň bilelikde getiren girdejisinden ýokary boldy.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....