Örüm printeri ýüplükden berk 3D-obýektlerini öndürýär

  • 04.08.2024 12:48
  • 3.7k+

Karnegi Mellon uniwersitetiniň alymlary ýüplükden çydamly üç ölçegli örülen önümleri döredip biljek "doly örme" tehnologiýasyny döretdiler. Enjamyň prototipi ýüplükden örülen gatlak döredip, 3D printer ýaly işleýär.

Enjam kese we dik hatarlary döretmek üçin materialy dolandyrýan ujy gaňyrçakly iňňeleri ulanýar. Netijede, 3D printerde çap edilen görnüşe eýe bolan, çydamly önüm emele gelýär.
Tehnologiýanyň esasy artykmaçlygy, materialy gaýtadan ulanmak mümkinçiligidir. Adaty 3D printerde çap edilen obýektlerden tapawutlylykda, örülen önümi aňsatlyk bilen çözüp we täzeden örüp bolýar.
Häzirki wagtda prototip galyň örme ýüpi bilen işleýär, ýöne işläp düzüjiler inçe ýüplükden hem önümleri döretmek üçin enjamyň funksiýalaryny kämilleşdirmegi meýilleşdirýärler. Bu bolsa ýumşak, şekilini aňsat üýtgedip bolýan, şol bir wagtyň özünde plastik ýaly berk önümi döretmäge mümkinçilik berer.
Geljekde oturgyçlar ýa-da kürsüler ýaly çylşyrymly önümleri döretmäge ukyply enjam döretmek meýilleşdirilýär. Işläp düzüjiler “doly örme” tehnologiýasynyň egin-eşik we beýleki önümleri öndürmek üçin täze mümkinçilikleri döredip biljekdigine ynanýarlar.


10.05.2026 11:51
7.6k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

07.05.2026 11:10
4.5k+

«Terminator-2» filmindäki ýaly: böleklenip, ýene-de täzeden ýygnalýan materiallar döredildi

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň hünärmenleri ýelim ýa-da himiki serişdeleri ulanmazdan, böleklenip we täzeden ýygnalyp bilýän robotlar we konstruksiýalar üçin täze tehnologiýany oýlap tapdylar....

05.05.2026 14:00
2.1k+

Ysmaz hassalar Neuralink-yň kömegi bilen pikir arkaly hereket etmegi öwrendiler

Neuralink kompaniýasy ysmaz adamyň öz pikirleriniň kömegi bilen robotlaşdyrylan eli nähili dolandyryp bilýändigini görkezdi. Bu görkezme tehnologiýanyň mümkinçilikleriniň näderejede ýokarydygynyň göz-görtele......

05.05.2026 00:32
3.8k+

Boeing uçarlar üçin «telefon budkasynyň» nusgasyny görkezdi

Boeing kompaniýasy uçaryň ýolagçylary üçin işlemäge we wideogepleşikleri geçirmäge niýetlenen aýratyn kabinanyň nusgasyny tanyşdyrdy. Bu täze taslama Gamburgda geçirilen Aircraft Interiors Expo 2026 sergisinde......