Russiýanyň roboty Rubigiň kubigini düzmegiň tizligi boýunça Mitsubishi-niň rekordyny täzeledi

  • 03.08.2024 17:39
  • 8k+

“Ýandeksiň” işgäri Aleksandr Krotow tarapyndan döredilen robot Rubigiň kubigini düzmegiň tizligi boýunça täze dünýä rekordyny goýdy diýip, Hi-tech Mail.ru habar berýär.

Gurluş bu ýumuşdan bary-ýogy 0,203 sekuntda baş çykaryp, Mitsubishi Electric Corp. ýapon kompaniýasyna degişli öňki rekorddan 0,102 sekunt tiz boldy.
Awtonom tehnikasy üçin hereketlendirijiler we oýun konsollary üçin kameralar ýaly elýeterli düzüm böleklerinden gurlan Krotowyň roboty üç tapgyrda işleýär. Ol 10 millisekuntda kameralaryň kömegi bilen kubigi seljerýär, 8 millisekuntda hereketi meýilleşdirýär we 184 millisekuntda kubigi düzýär.
Rekord üçin açar programma üpjünçiliginiň we draýwerleriň täzelenmegi boldy, bu robotyň ähli düzüm böleklerine bada-bat diýen ýaly täsirleşmäge mümkinçilik berdi.
Bu netije adam tarapyndan häzire çenli goýlan rekorddan ep-esli öňe geçýär. Adamlaryň arasynda spidkubing boýunça dünýä rekordynyň eýesi Maks Park kubigi 3,13 sekuntda düzdi.


22.03.2026 14:50
5.6k+

Dünýäniň iň uly ýelkenli kruiz gämisi deňiz synaglarynda tizlik rekordyny goýdy

Orient Express Corinthian ýelkenli kruiz gämisi özüniň hereketlendiriji ulgamynyň synaglaryny üstünlikli tamamlady we degişli ölçegdäki ýelkenli gämiler üçin täze tizlik rekordyny goýdy. Dünýäde şeýle görnüşli iň uly gämi bolmaga taýýarlanýan bu gäminiň uzynlygy 220 metr töweregi bolup, umumy sygymy 25 200 tonna deňdir...

20.02.2026 21:38
2.7k+

Hytaýly alymlar simsiz aragatnaşygy rekord 400 Gbit/s çenli tizlige çykaryp bildiler

Pekin uniwersitetiniň alymlary Pençen barlaghanasy, Şanhaý tehnologiýa uniwersiteti we maglumat optoelektronika pudagynda Milli innowasiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlykda optiki süýümli we simsiz maglumat geçirijiligi birleşdirýän dünýäde ilkinji gibrid ulgamy işläp düzdi...

20.02.2026 18:09
2.4k+

Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord

Alymlar dünýäde iň kiçi QR-koduny döretdiler. Ol eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.  Koduň ölçegi öňki hasaba alnan rekordyň üçden bir bölegi ýaly, şonuň üçin ony adaty göz bilen görjek gümanyň ýok. «Biziň döreden gurluşymyz şeýle bir inçe welin, ony optiki mikroskoplaryň kömegi bilenem görüp bolmaýar» diýip, professor Pol Maýrhofer düşündirdi...

11.02.2026 14:50
4.8k+

Hytaýda 1100-den gowrak toparyň gatnaşmagynda dünýäde iň uly «kwiddiç» ýaryşy geçirildi

Hytaýyň Çendu şäherinde dron futboly boýunça Ablefly milli çempionatynyň final tapgyry tamamlandy. 7-9-njy fewral aralygynda howa menziliniň Halkara maslahat merkezinde geçirilen bu ýaryş öz gerimi boýunça dünýäde iň uly ýaryş boldy...