Instagram ulanyjylary öz emeli aň nusgalaryny döredip bilerler

  • 02.08.2024 22:32
  • 2.7k+

Meta, ulanyjylara Instagram-da we web interfeýsde öz wirtual nusgalaryny döretmäge mümkinçilik berýän täze AI Studio guralyny hödürledi. Indi blogerler we iş sahypasynyň eýeleri abunaçylar bilen söhbetdeşliklerde we teswirlerde aragatnaşyk gurmak üçin emeli aňy ulanyp bilerler, diýip 3DNews ýazýar.

AI Studio-ny web interfeýsi arkaly ýa-da Instagram-da “AI bilen hat alyşmagy” başlap, işledip bilersiňiz.
Ulanyjylar bu gurala öz mazmunyny öwredip, gaça durmaly temalary we paýlaşyp bolýan salgylanmalary sazlap bilerler. Guralda awtomatiki jogap we haýsy hasaplar bilen aragatnaşyklara rugsat berilýändigini kesgitlemek funksiýasy bar. Mundan başga-da, AI Studio-da beýleki ulanyjylar bilen aragatnaşyk saklamak üçin Meta programmalarynda we OpenAI dükanynda ýerleşdirilip bilinjek täze AI-adamy döredip bolýar.
Meta, ulanyjylaryň wirtual nusgalarynyň garaşylmadyk pikirleri beýan edip biljekdigini mälim etdi. Şonuň üçin, berlen jogabyň AI profiliňkidigi anyk görkeziler. Kompaniýa AI profilini döretmek boýunça görkezmeleri çap etdi, gadagan temalary saýlamakda AI-adamy döredýän ulanyjynyň jogapkärdigini nygtady.
Bu funksiýanyň beýleki sebitlerde haçan elýeterli boljakdygy entek belli däl.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......