Simona Baýlz altynjy gezek Olimpiýa çempiony boldy

  • 02.08.2024 16:52
  • 7k+

Amerikaly gimnastikaçy Simona Baýlz alty gezek Olimpiýa çempiony boldy. 27 ýaşly türgen sport gimnastikasy boýunça şahsy köp görnüşli ýaryşda altyn medal gazandy. 

Baýlz dört görnüş üçin 59,131 bal gazandy. Ol braziliýaly Rebeka Andradeden (57,932) tas 1,2 bal öňe geçdi. Üçünji amerikaly Sunisa Li boldy (56,465).
Bu Baýlz üçin Olimpiýa oýunlarynyň eýýäm altynjy we bu görnüşde ikinji altyn medal boldy – birinjisini Rio-2016-da alypdy. Şeýlelikde, ol 1968-nji ýyldan bäri köp görnüşli ýaryşda iki Olimpiýa titulyny gazanan ilkinji zenan boldy.
Mundan başga-da, amerikaly SSSR-den 30 ýaşly Mariýa Gorohowskaýa 1952-nji ýylda zenanlaryň arasynda ilkinji Olimpiýa köp görnüşli ýaryşynda ýeňiji bolanyndan bäri bu görnüşde iň uly ýaşly Olimpiýa çempiony boldy.
Oýunlar-2024-de Baýlz eýýäm toparlaýyn köp görnüşli ýaryşda altyn gazanypdy. Şol bir wagtyň özünde Simona heniz üstünligini has ýokarlandyryp biler, sebäbi 3 – 5-nji awgustda geçiriljek aýratyn snarýadlar boýunça ähli finallara gatnaşmaga hukuk gazandy.


06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

01.06.2026 17:02
6.7k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

21.05.2026 23:19
8.6k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......

15.05.2026 18:58
10k+

Klimatologlar dünýä çempionatynda aşa howply yssynyň boljakdygyny duýdurýarlar

Klimatologlar 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň käbir oýunlarynyň futbolçylaryň we janköýerleriň saglygyna zeper ýetirip biljek aşa yssy şertlerde......