Boeing täze baş müdiri belledi

  • 02.08.2024 11:26
  • 4k+

Boeing-iň täze baş müdiri wezipesine 64 ýaşly Kelli Ortberg bellendi. Ol 8-nji awgustda öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge girişer. Ortberg bu wezipede mart aýynda işden çekilýändigini habar beren Deýw Kalhunyň ornuny eýelär diýip, Forbes habar berýär.

Ýolbaşçylygyň üýtgemegi awiaöndürijiniň birnäçe meseleler, şol sanda paýnamalaryň bahasynyň pese gaçmagy we ikinji çärýekde ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz bolan döwri bolup geçýär. 2024-nji ýylda Boeing-iň paýnamalary 27% arzanlady, bu bolsa 2020-nji ýyldan bäri iň ýaramaz görkezijidir. Kompaniýa iki sany heläkçilige we uçuşlaryň uzak wagtlap togtadylmagyna sebäp bolan Boeing 737 MAX uçarlary bilen çynlakaý kynçylyklara sezewar boldy.
Muňa garamazdan, kompaniýa 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 737 MAX modelleriniň önümçiligini aýda 38 uçara  we 787 Dreamliner-iň önümçiligini aýda 5 uçara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär diýip, Bloomberg ýazýar.
2020-nji ýyldan Boeing-e ýolbaşçylyk eden Kalhun 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli kompaniýada ýörite geňeşçi hökmünde işlemegini dowam eder. Ol ençeme aý maýadarlara, awiakompaniýanyň müşderilerine we giň köpçülige Boeing-iň hil bilen bagly köp sanly meseleleri berk gözegçilik astyna aljakdygyna wada berdi diýip, CNBC belleýär.
Ortbergiň wezipä bellenmegi Boeing kompaniýasyna bar bolan meselelerden baş çykarmaga we maýadarlaryň hem müşderileriň ynamyny gaýtadan dikeltmäge kömek eder diýlip garaşylýar.


27.01.2026 18:14
7.4k+

Boeing 600 uçar sargydyny bitirdi — bu soňky 7 ýylda kompaniýanyň rekordy

2025-nji ýylda Boeing Co. amerikan awiagurluşyk konserni müşderilere 600 sany täjirçilik uçaryny iberdi. Bu görkeziji geçen ýyldaky 348 uçar bilen deňeşdirilende 72% köpdür. Bu netije kompaniýa üçin 2018-nji ýyldan bäri, ýagny soňky ýedi ýylyň dowamynda iň ýokary görkeziji boldy...

17.01.2026 16:47
3.6k+

Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sargytlaryň sany boýunça Airbus-dan öňe geçdi

Amerikanyň Boeing korporasiýasy geçen ýylyň jemleýji hasabatyny Ýewropanyň Airbus konserni bilen bir wagtda diýen ýaly çap etdi. Hasabata görä, Boeing täze raýat uçarlary üçin 1 173 sany sargyt almagy başardy, Airbus-yň görkezijisi bolsa 1 000 töweregi sargyt bilen çäklenip galdy...

04.11.2025 19:35
7.4k+

Boeing täze 777X uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi sebäpli 5,4 milliard dollar ýitirdi

Amerikanyň Boeing awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegine degişli maliýe hasabatyny ýaýratdy. Hasabata görä, 777X ýolagçy uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi goşmaça çykdajylara we jemi 5,4 milliard dollarlyk ýitgä sebäp boldy...

10.10.2025 09:23
4.9k+

Airbus A320 Boeing 737-den öňe geçip, taryhda iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy

Airbus kompaniýasynyň A320 uçary awiasiýanyň taryhynda bazara iň köp çykarylan ýolagçy uçary boldy. Bu barada Cirium analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär. A320 uçary 1984-nji ýylda çykaryldy...