Renessans döwrüne degişli alymyň barlaghanasynda wolframyň yzlary tapyldy

  • 01.08.2024 17:41
  • 2.9k+

Daniýaly astronom we alhimik Tiho Brageniň (1546-1601) barlaghanasynda wolframyň yzlary tapyldy, bu metal himikler tarapyndan iki asyrdan soň açyldy. Bu barada, Günorta Daniýa uniwersiteti habar berýär.

Brage Kopengageniň golaýynda ýerleşýän Wen adasyndaky Uraniborg obserwatoriýasynda işläpdir. Alym aradan çykandan soň gysga wagtyň içinde obserwatoriýa ýumrulypdyr. Gözlegçiler bu ýerde tapylan keramiki galyndylary gözden geçirdiler we olarda nikel, mis, sink, galaýy, altyn, simap we gurşun ýaly dürli mikroelementleriniň ýokary konsentrasiýasyny tapdylar. Şeýle-de bolsa, wolfram aýratyn ünsi özüne çekdi.
Alymlaryň aýtmagyna görä, wolfram Brageniň döwründe entek belli bolmadyk himiki elementdi. Bu açyş, 1781-nji ýylda ilkinji gezek sap arassa wolframy alan şwesiýaly himik Karl Şeýele degişli edilýär.
Brageniň öz synaglarynda ulanan mineralynyň düzüminde wolfram bilen çaknyşan bolmagy ahtimal. Beýleki bir çaklama görä, Brageniň XVI asyrda “möjek köpügi” (nemes dilinde - Wolfram) atly näbelli bir zady suratlandyran Georgius Agrikolanyň işleri barada bilen bolmagy hem ähtimal. Şeýle-de bolsa, gözlegçileriň bu çaklamalar bilen baglanyşykly hiç hili subutnamasy ýok.


13.06.2026 16:56
2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....