“Gyzgyn kerepden” 3 minutda ýasalan ýeňil krossowkalar hödürlendi

  • 01.08.2024 17:47
  • 5.4k+

Şweýsariýanyň On kompaniýasy 3 minutda ýeňil krossowka döretmäge mümkinçilik berýän LightSpray tehnologiýasyny hödürledi. Taslamanyň awtorlary Hellouinde öýi bezemek üçin ýelimden nädip kerep ýasamalydygy barada wideo-sapakdan ylham alandyklaryny The Running Channel-e aýdyp berdiler.

LightSpray tehnologiýasy robot goluň kömegi bilen sapak ýaly materialy galyba salýar. Material termoeredijiniň kömegi bilen aýakgabyň dabanyna birikdirilýär.
Cloudboom Strike LS diýip atlandyrylýan krossowkalaryň agramy bary-ýogy 170g, bu bolsa bazardaky modelleriň köpüsinden ep-esli ýeňildir. Krossowkalar höwesjeňler tarapyndan synagdan geçirildi. Olar aýakgabyň materialynyň içinden ýüpegi ýada salýan ýokary dykyzlygyny belläp geçdiler.
On kompaniýasy bütin dünýädäki zawodlarda LightSpray tehnologiýasynyň kömegi bilen krossowkalary öndürmegi meýilleşdirýär. Komponentleriň iberilmezligi kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaldar.
Cloudboom Strike LS-niň bir jübütiniň bahasy 330 dollar.


düýn 19:38
354

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......