Nadal Pariždäki ýeňliş bilen Olimpiýa karýerasyny tamamlady

  • 01.08.2024 16:02
  • 3.1k+

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal jübüt görnüşde geçirilen ýaryşyň dörtden bir finalynda utulyp, Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda çykyşyny tamamlady. 22 gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň çempiony we dünýäniň öňki birinji raketkasy watandaşy Karlos Alkaras bilen bilelikde çykyş edip, 1/4 finalda ABŞ-dan duet Rajiw Ram bilen Ostin Kraýçekden 2:6, 4:6 hasabynda utuldy.

Bu ispaniýalynyň Olimpiýa oýunlarynda soňky çykyşy boldy. Mundan öň, ol ýekelikde birinji tapgyrda wengriýaly Marton Fuçowiçi utdy, ýöne ikinji tapgyrda serbiýaly Nowak Jokowiçden 6:1, 6:4 hasabynda utuldy.
Nadal Olimpiýa karýerasynda iki altyn medal gazandy: Olimpiada-2008-de ýekelikde we Olimpiada-2016-da Mark Lopes bilen bilelikde.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....