Mitsubishi Honda we Nissan bileleşigine goşulýar

  • 31.07.2024 16:24
  • 2k+

Mitsubishi Motors Honda we Nissan-yň bileleşigine goşulyp, ýapon awtoulag öndürijileriniň täze toparyny döreder. Bu barada Nikkei Asia çeşmelere salgylanyp habar berýär.

Mitsubishi bu karary hytaý awtoulag öndürijileriniň bäsdeşliginiň artmagy esasynda aldy. Täze bileleşigiň çäginde kompaniýalar programma üpjünçiligini ösdürip, geljekde awtoulag öndürmegi meýilleşdirýärler.
Nissan we Honda-yň arasynda bileleşigiň döredilmegi şu ýylyň mart aýynda yglan edilipdi. Kompaniýalar elektromobilleri we akylly tehnologiýalary ösdürmekde hyzmatdaşlygy maksat edindiler.
Mitsubishi Motors eýýäm Renault-Nissan-Mitsubishi bileleşiginiň düzümine girýär. Mitsubishi Motors-yň paýnamalarynyň 34%-i Nissan-a degişlidir.
Nissan dünýä satuwlarynyň ýarysyny emele getirýän ABŞ we Hytaý bazarlaryndaky paýyny yzygiderli ýitirýär. Birinji çärýegiň ahyrynda kompaniýa uly arzanlaşyklar sebäpli ABŞ-da hiç hili girdeji gazanyp bilmedi. Şonuň üçin kompaniýa maliýe netijeleri baradaky ýyllyk çaklamasyny täzeden gözden geçirmeli boldy. Hytaýda bolsa, kompaniýa zawodlarynyň birini ýapmaga mejbur boldy.
Mitsubishi Motors hem GAC bilen bilelikdäki kärhanany terk edip, Hytaý bazaryndan doly çykdy.


08.06.2026 16:02
1.8k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.5k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.1k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....