Altyn medal üçin $768 müň: Dünýä ýurtlary Olimpiýa çempionlaryny nähili sylaglaýarlar?

  • 31.07.2024 16:15
  • 4.2k+

Olimpiýa oýunlarynda ýeňiji bolup, diňe bir öz arzuwyny goraman, eýsem watanynyň abraýyny beýgelden türgenler öz ýurtlarynda uly pul möçberi, şeýle-de grant, ömürlik pensiýa, jaý ýaly baýraklar bilen sylaglanýarlar. Forbes neşiri aýry-aýry ýurtlaryň öz türgenlerini näderejede sylaglamaga taýýardygy barada habar berdi.

Şeýlelikde, Parižiň altyn Olimpiýa medaly üçin öz olimpiýaçylaryna iň uly baýragy Gonkong wada berýär - $768 müň. Deňeşdirmek üçin, ABŞ-dan Oýunlaryň çempiony diňe 37 müň dollara bil baglap biler.
Gonkongda kümüş medal üçin pul baýragy galan 32 ýurduň islendik biriniň altyn medal üçin tölemäge taýýar mukdaryndan hem köpdür - $380 müň. Eger Gonkongdan hiç bir türgen Parižde Olimpiýa münberine çykyp bilmese, olar üçin barybir tölegler göz öňünde tutulýar – 4-nji orun üçin $100 müň we 5 – 8-nji orunlar üçin tas $50 müň.

Altyn medal üçin pul sylagynyň möçberi boýunça ýurtlaryň ilkinji onlugy:

  • Gonkong - $768 000
  • Ysraýyl - $275 000
  • Serbiýa - $218 000
  • Malaýziýa - $214 000
  • Italiýa - $196 000
  • Moldowa - $171 000
  • Latwiýa - $155 000
  • Wengriýa - $154 000
  • Bolgariýa - $139 000
  • Ukraina - $125 000

Bir gezeklik töleglerden başga-da, köp ýurt çempionlar üçin stipendiýa ýaly bir zat hem hödürleýär. Malaýziýa we Bolgariýa altyn medal alanlara ömürlik her aýda $1 müň möçberde töleg tölemäge borçlanýar. Çili, Kosowo we Litwa hem şeýle tölegleri dört ýyl wada berýärler. Täze Zelandiýa indiki Olimpiýa oýunlaryna çenli ýylda $40 000 töleýär.
Polşa pul sylagyndan başga-da, türgenlere we tälimçilere “zehinli we hormatly” polşaly suratkeşiň suratlaryny, maýa goýum derejeli brilliant we syýahatçylyk agentliginden iki adamlyk syýahat berýär. Aýry-aýry sport görnüşlerinde çempion bolanlara Warşawada iki otagly jaý göz öňünde tutulýar.
Norwegiýa, Islandiýa we Şwesiýa ýaly käbir ýurtlar belli bir pul sylagyny wada bermeýärler, ýöne türgenlere grant berýärler. Käbir ýurtlar bolsa pensiýa, ýaşaýyş jaýy ýa-da saglyk ätiýaçlandyryşy ýaly goşmaça ýeňillikleri hödürleýär.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
2k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....