Xiaomi iň kiçi planşetini – Redmi Pad SE 4G-ni satuwa çykarýar

  • 31.07.2024 15:26
  • 722

Xiaomi täze planşeti bolan Redmi Pad SE 4G-ni dünýä bazaryna çykarjakdygyny yglan etdi. Bu enjam Apple-iň iPad mini planşetine jogap hökmünde seriýadaky iň ykjam enjamdyr.

Planşetiň displeýiniň diagonaly 8,7 dýuým, ölçegleri – 211,6 x 125,5 x 8,8 mm, agramy – 370 gr. Bu aýratynlyklar planşeti kiçijik torbada götermäge mümkinçilik berýär.
Redmi Pad SE 4G-niň 1340x800 piksel durulykda, 90 Gs täzelenme tizligi we 600 nit ýagtylygy bolan IPS ekrany bar. Enjamyň esasy aýratynlygy 4 GB operatiw ýady we 64 ýa-da 128 GB hemişelik ýady bilen bilelikde işleýän MediaTek Helio G85 prosessorydyr. Kuwwatlylygy 6650 mAs bolan batareýa 10W simli zarýad bermegi goldaýar.
Kameralar – esasy 8 Mp we öň tarapky 5 Mp. Aragatnaşyk üçin 2G/3G/4G, Dual SIM, Wi-Fi 5 we Bluetooth 5.3 üpjün edilýär. Operasion ulgamy – Android 14-e esaslanýan HyperOS. Planşet IP53 standartyna laýyklykda çyglylykdan we tozandan goraýan plastmassa korpus we Dolby Atmos goldawy bolan goşa stereodinamika bilen enjamlaşdyrylandyr.

4+128 GB wersiýasy gara, açyk gök we ýaşyl reňklerde, 4+64 GB modeli diňe gara we gök reňklerde elýeterlidir.
Planşet 2-nji awgustda satuwa çykarylar, Hindistanda onuň deslapky sargytlary başlandy. 4+64GB modeliň bahasy 10,999 rupiý (131 dollar), 4+128GB wersiýasynyň bahasy 11,999 rupiý (143 dollar).


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...