Mbappe "Kan" fransuz futbol klubunyň eýesi bolar

  • 31.07.2024 15:01
  • 5k+

Madridiň "Realynyň" we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe Fransiýanyň 2-nji Ligasynda çykyş edýän "Kan" futbol klubunyň eýesi bolar diýip, Le Parisien neşiri habar berýär.

25 ýaşly hüjümçi 20 million ýewro golaý töläp, "Kan"klubunyň paýnamalarynyň gözegçilik ediji bukjasyny almak isleýär. Klubuň gözegçilik geňeşiniň başlygy Pýer-Antuan Kapton klubda Mbappe bilen egindeş ýolbaşçy bolar. Kaptona paýnamalaryň galan bölegi degişli bolar (bahasy 5 million).
Bellenilişi ýaly, geleşik tamamlanmaga golaý geldi.
Geçen möwsümde Fransiýanyň ikinji derejeli ligasynda "Kan" 6-njy orny eýeledi.


şu gün 10:24
2.7k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......