Olimpiada-2024: 4-nji ýaryş gününiň jemi boýunça medal hasabaty

  • şu gün 14:28
  • 1052
Olimpiada-2024: 4-nji ýaryş gününiň jemi boýunça medal hasabaty

Parižde 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň dördünji ýaryş güni tamamlandy.

29-njy iýulda pnewmatik ýaragdan atmak, at sporty, suwa bökmek, mauntinbaýk, dzýudo, ýaý atmak, skeýtbording, kürekli slalom, sport gimnastikasy, ýüzmek we gylyçlaşma ýaly sportuň 11 görnüşinde 17 medal toplumy paýlandy.
Ýaryşlaryň netijesi boýunça Ýaponiýanyň milli ýygyndysy medal sanawynda öňdebaryjylygyny berkitdi, onuň hasabynda 12 medal (alty altyn, iki kümüş we dört bürünç) bar. Aýratynam, Ýaponiýanyň erkekler ýygyndysynyň gimnastlaryň arasynda geçirilen toparlaýyn köp görnüşli ýaryşda gazanan ýeňşi täsir galdyryjy boldy.
Fransiýa dördünji orundan ikinji orna çykdy (5+8+3). Duşenbe güni Oýunlaryň ýer eýeleri gylyçlaşmada we kürekli slalomda ýeňiş gazandylar.
Iň gowularyň üçlügini Hytaýyň topary jemledi (5+5+2). Şol bir wagtyň özünde, iň köp medaly ABŞ-nyň türgenleri gazandy, olaryň hasabynda jemi 20 medal bar (3+8+9).


şu gün 16:14
29

Türkmenistanly suwda ýüzüji Musa Žalaýew Olimpiýa oýunlarynda çykyşyny tamamlady

Türkmenistanly suwda ýüzüji Musa Žalaýew Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda çykyşyny tamamlady. Erkin usulda 100 metr aralyga kwalifikasion ýüzüşde 21 ýaşly türgen 52.29 sekunt wagty görkezdi. Bu netije ýarym...

şu gün 14:06
411

Olimpiada - 2024-de Jokowiç Nadaldan üstün çykdy: bu olaryň özara 60-njy duşuşygy boldy

Parižde Olimpiýa oýunlary - 2024-üň çäklerinde tennis boýunça ýaryşyň ikinji aýlawynda serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç ispaniýaly türgen Rafael Nadaldan üstün çykdy. 1/16 final tapgyrynyň ýaryşy 1 sagat 44 minut...

şu gün 13:45
669

61 ýaşly türgen Olimpiadada ýaş rekordyny goýdy

Stol tennisinde çykyş edýän Lýuksemburgdan 61 ýaşly Ni Sýalýan Parižde dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda ýaş rekordyny goýdy. Sýalýan stol tennisi boýunça ýaryşyň ikinji tapgyrynda 31 ýaşly türkiýeli türgen Sibel...

düýn 16:24
7273

Maýsa Pardaýewa we Aýnura Primowa 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda çykyşlaryny tamamladylar

Şu gün türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş etdi. Ol ýaryşlaryň birinji tapgyrynda halkara ýaryşlarynyň bürünç medalynyň eýesi hytaýly Saý Siden üstün çykdy. Ýöne...