Serdar Rahymow Parižde Olimpiýa oýunlarynda çykyşyny tamamlady

  • 28.07.2024 16:53
  • 24k+

Parižde Olimpiýa oýunlarynda dýudo boýunça Türkmenistanyň adyndan wekilçilik eden Serdar Rahym 66 kg çenli agram derejede 1/8 finalda garşydaşyndan ýeňlip,  ýaryşdan gaýtdy.

Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýan 20 ýaşly Serdar Rahymow birinji tapgyrda Angoladan Edmilson Pedrony 10:1 hasabynda ýeňdi. Onuň garşydaşyna üç gezek duýduryş berildi. Emma eýýäm 1/8 finalda braziliýaly Willian Lima garşy tutluşykda türkmen türgeniniň özi üç duýduryş aldy. Birinji duýrudyş (sido) garşydaşyny çekenligi üçin berildi, ikinji we üçünji duýduryşlary emin işjeň hereketleriň ýoklugy üçin berdi.
Serdar Rahymow soňky iki ýylda iri halkara ýaryşlarynda alty sany medal gazandy, şol sanda ol Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek «Dushanbe Grand Slam 2024» (Täjigistan) Uly tuwulga ýaryşynda çempionlyk gazandy.
Ertir ýene-de bir türkmen dzýudoçysy - Maýsa Pardaýewa ýaryşa çykýar. 57 kg çenli agram derejede Maýsa birinji tapgyrda hytaýly Saý Si bilen tutluşar.


25.05.2026 15:19
2.2k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......

21.05.2026 19:23
3.2k+

Türkmen karateçileri Bad-Nauhaýmda geçiriljek halkara çempionatyna ugrady

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndy topary Germaniýanyň Bad-Nauhaým şäherinde geçiriljek International Championship halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin ugradylar....

21.05.2026 11:27
3.2k+

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda bir kümüş we dört bürünç medal aldy

2026-njy ýylyň 9-17-nji maýy aralygynda Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri bu abraýly......

19.05.2026 16:26
7.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......