Täze elýeterli Samsung Galaxy A06 barada ilkinji maglumatlar

  • 29.07.2024 11:06
  • 6.8k+

Samsung täze elýeter bahaly Galaxy A06 smartfonyny çykarmaga taýynlanýar. Takyk maglumatlary bilen tanalýan insaýder Stiw Hemmerstoffer enjamyň dizaýnyna baha bermäge mümkinçilik berýän ýokary hilli renderleri neşir etdi diýip, Giznext ýazýar.

Galaxy A06 görnüşi boýunça Galaxy A05-i ýada salýar. Smartfonyň ölçegleri 167,3 x 77,9 x 8 mm bolar.
Maglumatlara görä, Galaxy A06 6,7 ​​dýuýmlyk ekrany, 15 W zarýady goldaýan 5000 mAs akkumulýatory, şeýle hem MediaTek Helio G85 prosessoryny we 6 GB operatiw ýady alar. Smartfon barmak yzy skaneri, USB-C we adaty gulaklyk portlary bilen enjamlaşdyrylar.
Ozal Stiw Hemmerstoffer Samsung Galaxy S21, Huawei Mate 40, Pixel 5 ýaly dürli smartfonlaryň hakyky renderlerini hem çap edipdi.


12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...