Belgiýanyň Futbol federasiýasy Türkmenistan bilen tejribesini paýlaşýar

  • 29.07.2024 10:52
  • 4.7k+

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Belgiýanyň Patyşalyk Futbol assosiasiýasy direktory Peters Willems bilen duşuşdy. Türkmen diplomatynyň bu sapary iki ýurduň futbol federasiýalarynyň arasynda resmi gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ädim boldy diýip, Brýusseldäki türkmen diplomatik wekilhanasynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Iki ýurduň Futbol federasiýalarynyň arasyndaky ilkinji duşuşyklary guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek babatda türkmen tälimçilerini Belgiýada taýýarlamak, Belgiýanyň hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny guramak, futbol klublarynyň direktorlarynyň tejribesini ýokarlandyrmak, türkmen futbolçylaryny belgiýaly tälimçileriň gatnaşmagynda anyk duşuşyklara taýýarlamak boýunça iş alyp barmagyň ugurlary maslahatlaşyldy.

«Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanda futboly ösdürmek üçin täze sepgitleri açýar" diýip, ilçi Pälwanow belgiýaly kärdeşleri bilen netijeli özara gatnaşyklara umyt bildirdi.

Ýakyn wagtda anyk taslamalary maslahatlaşmak we degişli ylalaşyklary baglanyşmak üçin wideomaslahatlary guramak we duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.


düýn 22:49
3.2k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.5k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......