Angliýada ada satuwa çykaryldy

  • 28.07.2024 16:23
  • 16k+

Angliýada özüniň baý taryhy we 15 sany ýaşaýan ruh bilen belli bolan 2,4 g meýdany eýeleýän Dreýkiň adasy satuwa çykaryldy. Bu barada Sky News ýazýar.

Bu ada Plimutyň golaýynda ýerleşip, hususy suwa düşülýän kenary hem-de XVIII asyrdan galan harby ýaraglary bilen öwnüp bilýär.
Adanyň häzirki eýesi we ýerli işewür Morgan Fillipsiň aýtmagyna görä, adada iň gadymy jaý 1135-nji ýyla degişli hasaplanýar. Ada ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda goranyş nokady bolup hyzmat edipdir we Angliýany Ispaniýanyň “Ýeňilmez armadasyndan” halas etmekde möhüm rol oýnan. Ada 1577-nji ýylda bu ýerden dünýä ýüzüne gämili syýahata ugran jenap Frensis Dreýkiň hormatyna atlandyrylypdyr.
15 sany ruhuň bolsa öňki harby adamlaryň ruhudygy we olaryň köp asyrlar bäri adany goraýandygy bellenilýär.
Adanyň bahasy aýdylmaýar, ýöne myhmanhananyň täzeden gurulmagyny öz içine alýan abatlaýyş işlerine çykdajylar 25 mln funt sterling bilen bahalandyrylýar. Täze eýesiniň adany toýlary we beýleki çäreleri geçirmek üçin meşhur ýere öwrüp biljekdigi bellenilýär.


21.05.2026 19:24
3.9k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......

21.05.2026 07:29
1.1k+

Halkara "Buker" baýragy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" romanyna berildi

Zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" (Taiwan Travelogue) romany 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 19-njy maýda Londonyň Tate Modern muzeýinde geçirildi....

13.05.2026 19:49
1.6k+

The Beatles toparynyň üçeginde soňky konsertini beren jaýy muzeý bolar

Londonyň Sewil-Rou köçesiniň 3-nji jaýynda The Beatles muzeýi açylar. Hut şu binada toparyň ştab-kwartirasy we «Let It Be» albomynyň ýazgy edilen studiýasy ýerleşipdi, binanyň üçeginde bolsa toparyň iň soňky......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......