“Mançester Siti” we “Mançester Ýunaýted” täze eşik toplumlary bilen tanyşdyrdylar

  • 28.07.2024 12:28
  • 8.6k+

ABŞ-da möwsümden öňki syýahatyň çäklerinde Angliýanyň premýer-ligasynyň häzirki çempiony “Mançester Siti” 2024/25 möwsümi üçin oýun eşiginiň üçünji toplumyny tanyşdyrdy. Puma brendi tarapyndan döredilen üçünji eşik hemaýatkärleriň altyn logotipleri we klubuň nyşany bilen iki öwüşginli goýy gyzyl reňkde ýerine ýetirilen.

Tanyşdyrylyş Nýu-Ýorkda improwizirlenen meýdançada geçirildi, bu ýerde janköýerler üçin DJ çykyşlary, futbol fristaýly, basketbol bäsleşikleri we beýleki güýmenjeler gurnaldy. Çärä Erling Holand, Jek Griliş we baş tälimçi Pep Gwardiola gatnaşdy.
2017-18 möwsüminden bäri ilkinji gezek “Siti” 1950-nji we 1960-njy ýyllarda asman gök reňkine alternatiwa hökmünde ulanylan nusgawy goýy gyzyl reňke gaýdyp geldi. Köýnekçäni “Sitiniň” nyşanynda şekillendirilen gäminiň ýelkenini ýada salýan abstrakt nagyş bezeýär. Belläp geçsek, klubuň nyşanynda gämi ilkinji gezek 1960-njy ýylda peýda boldy we Mançester şäheriniň tugrasyndan nusga alyndy. Bu element klubuň öz watanynda hem Ýewropada titul we kubok gazanmak üçin irginsiz hereketini alamatlandyrýar.

Mançesteriň ýene bir kluby we “Sitiniň” garşydaşy – “Mançester Ýunaýted”, öz gezeginde, resmi saýtynda 2024/2025 möwsümi üçin ikinji eşik toplumyny hödürledi.

“Şu gün adidas 2024/2025 möwsümi üçin “Mançester Ýunaýtediň” öýi hasaplaýan şäheriniň hormatyna M harpy görnüşindäki relýef surat bilen bezelen täze çykyş formasyny hödürleýär.

Gara-gök esasyň üstünden gaýtalanýan tegelek nagyşlar görnüşinde ýerine ýetirilen şa gök reňkli tekstura elementi 30 ýyl mundan ozal “Mançester Ýunaýted” eşiginde görmek mümkin bolan 3D monogrammalara sarpany aňladýar.
Şeýle-de, dizaýn “Mançester Ýunaýted” üçin “Arzuw teatrynyň” şäher bilen duşuşýan ýeri hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolan Mançesterden geçýän üç derýa – Irk, Medlok we Iruell derýalaryna sarpa goýýar” – diýlip, klubuň beýanynda aýdylýar.


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5.1k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....