Olimpiýa alawy Oýunlara badalga berdi: Olimpiadanyň açylyş dabarasyndan esasy pursatlar

  • 27.07.2024 17:20
  • 15k+

Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa 206 ýurtdan 10,5 müň türgen gatnaşdy. Açylyşa 300 müň töweregi tomaşaçy syn etdi. Dabara Fransiýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy we “Altyn topuň” eýesi Zinedin Zidanyň Parižden Olimpiýa alawy bilen ylgaýşyny görkezýän wideodan başlady.

Şondan soň Olimpiada gatnaşyjy ýygyndylaryň wekiliýetleri Sena derýasynyň üsti bilen Austerlisden Ýena köprüsine çenli ýüzdüler. Dabaranyň açylyşy adaty görnüşde bolmady, ol stadionda däl-de, Parižiň ähli ýerinde geçirildi. Ýaýlymda görkeziliş şeýle mowzuklara bölündi: “Erkinlik”, “Deňlik”, “Doganlyk”, “Uýalyk”, “Sport ussatlygy”, “Baýramçylyk” we “Raýdaşlyk.
Dabaranyň dowamynda tomaşaçylar dürli şüweleňlere, aýdym-saz çykyşlaryna, moda görkezişine, opera ýerine ýetirilişine we hatda kabare stilinde tans belgisine tomaşa etdiler. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda Lebron Jeýms, Rafael Nadal we Serena Uilýams ýaly sport ýyldyzlary, şeýle-de artisler, şol sanda Gojira topary, aýdymçylar Aýa Nakamura we Ledi Gaga bardy.

Dabara Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysy hem gatnaşdy. Biziň ýygyndymyzyň baýdak göterijisi dzýudoçy – ýurdumyzyň taryhynda ilkinji “Uly tuwulga” çempiony Serdar Rahymow boldy.
Dabaranyň ahyrynda Olimpiýa çempionlary Teddi Riner we Mari-Žoze Perek Olimpiýa alawyny ýakdy – ol howa şary bilen Parižiň üstünden asmana göterildi. Şondan soň Selin Dion Edit Piafyň “L’Hymne a l’amour” aýdymyny ýerine ýetirdi.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron oýunlary açyk diýip yglan etdi.


düýn 10:38
2.7k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.4k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....