Serdar Azmun BAE-niň “Şabab Al-Ahläi” klubuna geçmäge razylyk berdi

  • 26.07.2024 21:12
  • 11k+

Eýranly hüjümçi Serdar Azmun karýerasyny BAE-den “Şabab Al-Ahli” klubunda dowam etdirer. Žurnalist Fabrisio Romano bu barada X sosial ulgamynda habar berdi.

Insaýderiň berýän habaryna görä, nemes kluby “Baýere” degişli 29 ýaşly futbolçy bu transfer bilen razylaşdy. Geleşigiň bahasy 5 million ýewro bolar.

29-njy iýulda, duşenbe güni Azmun Dubaýda lukmançylyk barlagyndan geçer.

Azmun geçen möwsümi Italiýanyň “Roma” toparynda kärendesine oýnady, 3 pökgi geçirip, 29 oýunda 4 asist berdi.

Oýunçynyň “Baýer” bilen şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär. Transfermarkt-iň baha bermegine görä, Azmunyň transfer bahasy 8 million ýewro.


düýn 20:28
6.8k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
9.2k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....