iPhone SE 4-iň köpçülikleýin önümçiligi oktýabrda başlar, 2025-nji ýylda satuwa çykar

  • 26.07.2024 19:36
  • 7.5k+

The Information-iň berýän maglumatlaryna görä, Apple 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda iPhone SE 4-iň köpçülikleýin önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Enjam 2025-nji ýylyň başynda, ähtimal mart aýynda satuwa çykar diýlip garaşylýar.

Täze gajet 6,1 dýuýmlyk OLED displeýi, Face ID ulgamy, hereket düwmesi we USB-C porty bilen öňki modellerden tapawutlanýar. Diňe bir sany arka kamerasy bolar diýen myş-myşlara garamazdan, daşky görnüşi “iPhone 14”-e meňzär.

Öň iPhone SE 4-iň sentýabr aýynda iPhone 16 seriýasy bilen bilelikde yglan edilip bilinjekdigi habar berlipdi, ýöne indi Apple ony aýratyn model hökmünde çykarmak kararyna geldi.

Şeýle hem, Apple-iň Galaxy Z Flip seriýasyna meňzeş eplenýän dizaýny bolan iPhone-nyň üstünde işleýändigi mälim boldy. Takyk çykjak senesi barada entek anyk maglumat ýok.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...