G7 ýurtlary Merkezi Aziýanyň infrastrukturasyna 200 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär

  • 26.07.2024 16:15
  • 7.4k+

G7 ýurtlary (Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Angliýa we ABŞ) Merkezi Aziýanyň infrastruktura taslamalaryna 200 milliard dollara çenli maýa goýmagy meýilleşdirýärler. Bu barada ABŞ-nyň Global infrastruktura we maýa goýumlary boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ýörite utgaşdyryjysy Helaina Matsa habar berýär diýip, Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy ýazýar.

Matsa dünýäde azyk we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin üpjünçilik zynjyrlaryny diwersifikasiýa etmegi öz içine alýan hyzmatdaşlyk maksatnamasy barada aýdyp berdi. Maksatnamanyň çäginde G7 ýurtlary 2027-nji ýyla çenli ösýän ýurtlara 600 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär, onuň 200 milliard dollary Merkezi Aziýa degişlidir.

Şeýle hem maksatnamanyň çäginde ABŞ-nyň Gazagystanyň transport we logistika, arassa energiýa önümçiligi, oba hojalyk, seýrek toprak metallaryny gazyp almak we gaýtadan işlemek pudaklaryna maýa goýmagy meýilleşdirýändigi bellenip geçilýär.


24.06.2026 17:10
2.1k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

19.06.2026 19:30
3.7k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 09:55
873

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......