Britaniýada Uelsiň hökümet baştutany hökmünde ilkinji gezek aýal saýlandy

  • 26.07.2024 07:53
  • 2.8k+

Baronessa Eluned Morgan Uelsiň Leýboristik partiýasynyň täze lideri hökmünde saýlandy we şonuň esasynda Birleşen Korollygyň bu administratiw-syýasy böleginiň birinji ministri bolar. Muny partiýanyň içinde geçirilen saýlawlaryň netijeleri delillendirýär diýip, TASS habar berýär.

57 ýaşly Morgan Uels leýboristlerine we ýerli hökümete ýolbaşçylyk etmek üçin ýeke-täk dalaşgär boldy. Öň, bu wezipeleri ýekeje aýal maşgala hem eýelemändi.
Morgan 15 ýyl Ýewropa parlamentinde Uelse wekilçilik etdi, 2011-nji ýylda bolsa Lordlar palatasyna bellenildi we Leýboristik partiýanyň hökümetinde Uelsiň işleri boýunça garaňky ministr wezipesini eýeledi. 2016-njy ýylda London parlamentini Uels parlamentine çalyşdy, 2021-nji ýylda Mark Dreýkfordyň sebit kabinetinde saglygy goraýyş ministr wezipesini eýeledi.
Uelsiň birinji ministri Woan Geting 16-njy iýulda wezipeden çekildi.


düýn 18:42
3.9k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

düýn 18:19
3.1k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...

26.02.2026 14:03
6k+

Beýik Britaniýanyň parlamentinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi

25-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy...